- sorag
- [so:rag]1) Jogap talap edilip berilýän sowal.∙ Kolhozçylar ýerli-ýerden sorag bermäge başladylar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Ondan hiçbir soraga jogap ýokdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)2) Grammatikada: sowaly aňladýan, soragy görkezýän.∙ Sorag sözlemi. Sorag çalyşmasy. Sorag belgisi.◊ öliň soragyny soramak — Köp zat soramak, bir zat hakda çintgäp-çintgäp soramak.◊ sorag etmek — Bir zadyň anygyna ýetmek üçin sowal bermek.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.